Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ejeme sowgat” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

      Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Bilim
ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek babatynda alyp barýan döwlet syýasatyndan
ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap, çuňňur bilim almagy, edep-terbiýeli,
ruhubelent, ýagty geljegimizi üpjün etjek mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri,
olara gözellik terbiýesini bermek we körpeleriň çeperçilik   ukyplaryny ösdürmek, maşgalada ene bilen
çaganyň arasyndaky gatnaşygy berkitmek, türkmen halkynyň medeniýetine,
däp-dessuryna sarpa goýmak, çagalaryň tebigy zehinini, çeper döredijilik
ukyplaryny ýüze çykarmak, Ata Watanyna, 
Hormatly Prezidentimize, mähriban käbelerine  bolan söýgi, buýsanç, duýgularyny terbiýelemek
maksady bilen, Aşgabat şäheriniň  mekdebe
çenli çagalar edaralarynyň  uly (mekdebe
taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň arasynda, Türkmenistanyň Bilim
ministrligi tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda, Halkara zenanlar güni
mynasybetli Ejeme sowgat atly  döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 3
tapgyrda amala aşyryldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda birinji tapgyry
mart aýynyň 1-ne, etrap tapgyry mart aýynyň 4-ne, şäher tapgyry mart aýynyň
7-ne geçirildi.



      Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly
(mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleri bäsleşigiň etrap tapgyrlarynda
tebigy serişdelerden ejelerine sowgat ýasamak, ýasalan sowgady labyzly  beýan etmek, ejeleri, eneleri, mamalary,
uýalary aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen Halkara zenanlar baýramy bilen
gutlamak ýaly  ýumuşlary ustunlikli
ýerine ýetirip, 1-2-3-nji orunlary eýeläp, şäher tapgyra gatnaşmaga hukuk
gazandylar. Bäsleşigiň şäher tapgyry şäheriň 128-nji çagalar bakja-bagynda
geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli geçdi. Emin agzalarynyň bäsleşige gatnaşan
körpeleriň işlerine  beren
bahalarynyň  netijesinde baş baýraga
129-njy çagalar bagynyň körpesi Ogulşat Eýeberdiýewa, 1-nji orna 176-njy çagalar
bakja-bagynyň körpesi Merjen Nurmuhammedowa, 2-nji orna 127-nji çagalar bagynyň
körpesi Emin Muhammedow, 3-nji orna 9-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi Jeren
Azymowa mynasyp boldular we bäsleşige gatnaşan körpeler
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşi
tarapyndan sowgatlar, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen
sylaglanyldy.


Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni Şemşat Gurbanowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148.
Ashgabat c., Hero of Turkmenistan Atamurat Niyazov Avenue, 148
г. Ашхабад, проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 148.

Telefon belgiler:
(12) 39-35-01