PARAHATLYK — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
Parahatçylykda gülläp
ösýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary
netijesinde türkmen halky şan şöhratly taryhynyň ýene bir nurana sahypasyny
açdy. Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar
bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
esasynda şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda döwletli
ýörelgeleriň dowamata beslenýändiginiň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly,
2025-nji ýylyň milli we halkara derejede yglan edilen şygarlarynyň bir-biri
bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky
gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwletimiziň daşary
syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Bileleşiginiň işi
bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi
nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýylyň, Birleşen Milletler Guramasynyň
döredilmegine 80 ýylyň dolýandygy hem bellärliklidir.
Aýratyn nygtamaly zatlaryň
biri, täze ýylyň şygaryndaky umumadamzat bähbitli gymmatlyklar onuň nyşanynda
hem öz beýanyny tapýar. Ol merkezinde Ýer şaryny göterip, ganat ýaýýan Laçyn
guşuň şekili türkmen döwletimiziň goşa ganatyna deňeýän Garaşsyzlyk hem-de
Bitaraplyk ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz göz öňüňde janlanýar. Ösüp oturan
ýaşyl derek agajynyň şekili bolsa berklik, uzak ömürlilik, haýyr sahawatlylyk
ýaly häsiýetleri ýatladýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden güýç alýan
kuwwatly döwletimiz hem, hut derek agajy kimin, ösüşiň täze belentliklerine
tarap ymtylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde
ýaşyl Tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly
halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly
gatnaşyklaryndan habar berýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara
guramalar bilen jümle-jahanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň
bähbidine dostluk hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Türkmen halky gadym
döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak diýen sözlere çuň many-mazmuny
özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigi, Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda ylmy we
tejribe taýdan delillendirilip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky
beýan edilen garaýyşlar doly tassyklaýar. Kitapda:“Adamzadyň bagty abadan hem
rahat durmuşyndadyr. Biz ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny
ýöredýäris we bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen
subut edýäris” diýlip bellenilýär.
Parahatçylyk dörediji
ýurdumyzda bu gün dost-doganlyk mukamy belent owaz bilen ýaňlanýar. Üstümizdäki
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem Garaşsyz döwletimiz dünýäde
asudalygy we howpsuzlygy berkitmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrar.
müdirliginiň başlygy.