Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr
Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna belent maksatlar bilen
gadam goýdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede
belleniljekdigi bu ýylyň ýurdumyz üçin ähmiýetini has-da artdyrýar.
Parahatçylyk diýlende, ilki bilen, nesilleriň abadan durmuşy, röwşen geljegi
göz öňüňe gelýär. Çagalaryň şat-şadyýan gülküsi gulagyňda ýaňlanyp gidýär. Bu
barada Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň
Watany” atly goşgusynda:
Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr,
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr,
Bir-biregi sarpalap ýaşamaly dünýädir!
Jümle-jahan hakyna belent maksat tutany
—
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak
Watany! – diýýär.
Mähir duýgularyndan püre-pür bu gözel hem şirin sözleriň
içinde, labyzly setirleriň aňyrsynda juda ýönekeý, ýönekeýligi bilen dogruçyl,
çyndan-çyn, jana-jan ýaşaýyş hakykaty bar. Bu hakykat türkmen paýhasynda
asyrlarboýy toplanan taryhy durmuş tejribesidir. Bu gün bu tejribe külli
adamzada gereklidir.
Gyşky dynç alyşdan soň ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň
ählisinde bolşy ýaly, çagalar baglarynda ilkinji okuw sapagy “2025-nji ýyl –
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi. Bu sapakda
körpelere Watan mukaddesligi, parahatçylyk, Bitaraplygymyzyň ähmiýeti barada
düşünje berildi. Munuň özi olaryň söz baýlygyny artdyrmakda, dünýägaraýşyny
ösdürmek-de täsirli boldy. Ýylyň şygary bilen baglylykda çagalary watançylyk
ruhunda terbiýelämeg gönükdirilen çäreler meýilnamalaýyn esasda yzygiderli
dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän
ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýär.
Ýurdumyzda nesil dowamaty we terbiýesi bilen bagly milli ruhy-ahlak
däp-dessurlary häzirki zaman ylmynyň, pedagogik tejribäniň gazananlary esasynda
kämilleşdirilýär. Şunda körpeleriň düşünjeli, maksada okgunly, bilesigeliji,
watanperwer, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berilýär. Terbiýe
çagalykdan başlanýar. Kalby ak kagyz ýaly balalar iň gowy zatlary, gözellikleri
özlerine nusga edinip alýarlar. Şonuň üçin çagalykda öwrenilen zatlar, alnan
görüm-görelde ynsanyň bütin ömrüne binýat bolup hyzmat edýär. Bu hakda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde hem örän gymmatly
pikirler aýdylýar. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda:
«Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip
belleýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýadygärlik
sowgat hökmünde kompýuterleriň gowşurylmagy, olarda türkmen, iňlis, rus
dillerindäki maglumatlaryň bolmagy, özi-de bu kompýuterleriň
Türkmenistanda öndürilmegi aýratyn
buýsandyryjydyr. Munuň özi turuwbaşdan bilim bilen terbiýäniň sazlaşyklylygyny
gazanmaga ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki ýaş we körpe nesil ynsanperwerligiň hem-de
adalatyň tarapdary bolan parahatçylyk söýüji halkyň nesilleridir. Çagalarda Watana, halka, ene-ata,
durmuşa söýgi döretmek mugallymlaryň we terbiýeçileriň jana-jan
borjy bolup durýar.
Ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesliň
bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmeginde bimöçber alada edýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri
uzak, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Maýagözel JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar
bagynyň müdiri.