2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

Kerim
şahyrymyz «Salam» diýmek parahatlyk
dilemek" diýip belleýşi ýaly Parahatçylyk
we ynanyşmak ýoly durnukly ösüşiň we
hoşniýetli hyzmatdaşlygyň baş ýörelgesidir!



"Ýurdumyzyň
Bedew batly ösüşleriň, şöhraty iň täze
taryhymyza
beýik şan berýär.



Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we bedew batly
ösüşleriň Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze-täze mümkinçilikleri açýan ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär.



Islendik
halkyň ykbaly şol ýurduň döwlet Baştutanynyň
öňe sürýän
taglymatlary we başlangyçlary bilen aýrylmaz
baglanyşykly.
Çünki ol taglymatlar ýurduň içeri hem daşary
syýasatynyň
özenini düzýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
öňden görüjilikli
syýasaty netijesinde,ata-babalarymyzyň
nesilme-nesil
geçirip gelýän hoşniýetlilik, dostluk ýaly
ýörelgeleri
ýurdumyzyň daşary döwlet syýasatynda öz
beýanyny
tapýar.



Parahatçylyk. Ynanyşmak. Ynam-bu
sözler häzirki zaman
dünýäsinde durnukly ösüşiň,
döwletleriň ýakyn, hoşniýetli
hyzmatdaşlygyny
ýola goýmagyň açary bolup ýaňlanýar.Bitarap Döwletimiz sebit we halkara ginişlikde
parahatçylygy hem-de ynanyşmagy,hoşniýetli hyzmatdaşlygy
ilerletmek maksady bilen öňe sürýär.



Umumadamzat derejesindäki meseleleri çözmäge gönükdirilen
bu başlangyçlar halkara ykrarnama eýe
bolýar.



Muňa 2024-nji
yylyň 21-nji martynda BMG-nyň Baş
Assambleýasynyň
Gahryman Arkadagymyzyň, peder
Arkadagly
Gahryman
ýoluny üstünlikli berjaý edýän Serdarymyzyň
başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş
Halkara bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly Parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly" diýip biragyzdan yglan
edmegi aýdyň
mysaldyr.
BMG-a agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraý bolup, munuň özi Döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumy adamzat bähbitlerine gönükdirilendigini we bütin dünýä üçin örän ähmiýetlidigini görkezýär.



"Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy
şanly wakaralaryň birine öwrülip ýokary derejede
bellenilip
geçildi. Şeýle hem iň täze taryhyny üstünliklere
beslendi.



Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde
her ýyl döwrebap atlandyrmak we ony baý many-mazmunly geçirmek
bilen bagly asylly däbe eýerip, 2025-nji yylyň ýurdumyzda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly"
diýip atlandyrylmagy buýsançly wakadyr.



Çünki
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi
ýaly,biziň
Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy
hem-de dost-doganlygy ösdürýän asylly ýörelgämizdir.Alyp barýan Bitaraplyk
syýasatymyzyň Berkarar
Döwletimiziň Ýer ýüzündäki
abraý-mertebesini has-da
pugtalandyrmakda
uly ähmiýeti bardyr.Häzirki wagtda Döwletimiz. diňe öz daşary syýasatynda
parahatçylyk ýoluny saýlap alman, eýsem sebitde we halkara giňişlikde dürli meseleleri oňyn meseleleri oňyn çözmäge-de işjeň gatnaşýar.Gahryman Arkadagymyzyň syýasy
paýhasyndan binýat
bolan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
tarapyndan
üstünlikli dowam etdirilýän ulag, suw, energetika, sport,parlament,
medeni  ylmy diplomatiýalarymyz muny doly
tassyklaýar.Şeýle-de öňüni alyş
diplomatiýasyny ilerletmek
Bitaraplygyň
mümkinçiliklerini peýdalanmak, ynanyşmak
medeniýetiniň
dialogyny ösdürmek boýunça nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bitaraplygyň türkmen
nusgasy bütin
dünýäde dabaralanýar.



Käbir anyk mysallara ýüzleneliň!
Biziň ýurdumyz öňüni
alyş diplomatiýasyna
gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň
guraly
hökmünde garaýar.



Gahryman
Arkadagymyz 2007-nji ýylda halkara
gatnaşyklarda
Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp,
BMG-niň
parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzüm
boljak
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit
merkezini döretmek başlangyjyny öňe
sürdi.Netijede, şol
ýylyň
10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-yň syýasy missiýasynyň taryhynda
ilkinji Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy
dabaraly
ýagdaýda açyldy. Onuň ygtyýarlyklaryna häzirki
zaman
șertlerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny
nazara alýan
öňüni alyş diplomatiýasy girmek bilen, geçen
döwrüň içinde
Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy
durnuklylygy,durnukly
ösüş üpjün etmek babatda netijeli
işler alnyp
baryldy.



Şeýle hem
geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda
paýtagtymyzda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
başlyklyk etmeginde
"Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň
binýady" atly halkara forum geçirildi. Dünýäniň akyldary
Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilen Halkara
foruma dostlukly döwletleriň ençemesiniň
Baştutanlary
hem-de ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar
onuň
dowamynda beýik akyldaryň parahatçylyk, adalatlylyk,
ynsanperwerlik,dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli
pikirleriň Döwletleriň özara
gatnaşyklarynda
möhüm ähmiýete eýedigine aýratyn üns
çekildi. Munuň
özi döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň tutuș adamzat siwilizasiýasynyň
beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan medeni
we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky "Dialog-parahatçylygyň
kepili” diýip atlandyrylan filosofiýasynyň ähmiýetiniň artýandygynyň aýdyň beýany
boldy.



"Ähli zat ynamdan başlanýar”
diýen gadymy durmuş pelsepesi bar. Bu syýasy gatnaşyklar babatda has-da möhüm
bolup,hoşniýetli hyzmatdaşlyk diňe ynanyşmak esasynda guralanda kämil we netijeli bolýar.Şu jähetden geçen
ýylyň
27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak”
ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri
ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň
döredilmelidigini nygtap,bu topara Türkmenistanyň
Halk
Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk
boljakdygyny
belledi.



Şeýle-de Hormatly
Prezidentimiz
 “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly bilen baglanyşykly çäreleri, Bitaraplygymyzyň
30 ýyllygy BMG-ň
döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli dabara ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallaryň ediljekdigini
aýtdy.Munuň özi parahatçylyk we ynanyşmak ýolunyň durnukly
ösüş
maksatlaryna ýetmegiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň aýdyň esasydyr.



Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara hyzmatdaşlyk,ynanyşmak we dostluk
ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny umumy adamzat bähbitli
halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek biz bilim işgärleriniň esasy
wezipeleriniň biri bolup durýar.



Berkarar döwletiň täze aýýamynyň
galkynyşy döwründe bizi şu eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlarynyň dik, işleriniň rowaç bolmagyny
arzuw edýäris.
 



Aşgabat şäheriniň 30-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Şeker Rejepowa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148.
Ashgabat c., Hero of Turkmenistan Atamurat Niyazov Avenue, 148
г. Ашхабад, проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 148.

Telefon belgiler:
(12) 39-35-01