Döwür we ýaşlar: ylym, bilim, terbiýe.
Mekdeplerimizde ikinji ýarymyň ilkinji okuw sapaklary “Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi. Ilkinji okuw sapaklarymyzda Hormatly
Arkadagly Serdarymyzyň dost doganlyk syýasaty, dünýäniň parahat asuda bolmagy
babatda alyp barýan beýik işleri giň beýanyny tapdy.Sapaklarda gelejegimiz
bolan ýaş nesilleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.Çaga kalplaryndan çykýan
päk arzuwlar Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimiz Arkadagymyza bolan
ummasyz söýgi soňlanmaýar aýdym bolup ýaňlandy.
Her bir döwletiň şu gününiň hem-de gelejeginiň bagtyýarlygy bilimli
terbiýeli nesillere baglydyr.Hut şonuň üçin-de,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýaşlaryň bilimli, ylymly,
edep-terbiýeli, hünärli bolmagy ugrunda bimöçber tagallalar edilýär we olar
döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýär.Ýaşlaryň
dünýä ülňülerine laýyk bilim-ylym almaklary asyryň ösüşini alamatlandyrýan
sanly ulgamdan, tehnika-tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary ýurdumyzyň
bilim ulgamynyň öňünde goýlan maksatnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Edep terbiýe ynsan ömrüniň iň gymmatly mirasydyr.Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda “Iň gymmatly miras terbiýedir,
terbiýäniň özeni bolsa ylym bilimdir” diýip belleýär.Biz bilim işgärleri çagalara döwrebap bilim,terbiýe
bermekde asylly zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys.
Nesil terbiýesine aýratyn
ähmiýet berip, olaryň ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup
ýetişmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak, mertebesi belent bolsun!
Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiň müdiri Gunçagül
Oraýewa.