Ýürekleriň aýdymydyr parahatlyk
Garaşsyz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek
ýyly bolan 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmeginde uly many bardyr. Watanymyz dünýä döwletleri bilen
hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklary üstünlikli ýola goýmak bilen,
sebitde möhüm orny eýeleýär. Gahryman
Arkadagymyzyň parahatçylyga
bagyşlan goşgusynda:
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany –
Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!
– diýen setirleri
ylhamly göwnümizi ganatlandyrdy. Ýurdumyz “Açyk
gapylar” syýasatynyň netijesinde parahatçylyk,
halkara hyzmatdaşlygy, ynanyşmak, ynsanperwer we
ýene-de birnäçe halkara gatnaşyklaryna, iň esasy bolsa
türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny
üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň
“Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!” diýen paýhasly şygaryndan ruhlanyp ýaşaýan halkymyz baky
bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýar.
Ata Watanymyzda
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň
pähim-parasady bilen uly-uly döwletli işler ýaşuly nesillere sala salmak bilen
başlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bütün dänýäde agzybirlik
syýasatyny öňe sürüp, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda
dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýan halk hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda
“Agzybirlik bagtyň gönezligidir” diýip belleýär. Hakykatdan hem agzybirligiň,
jebisligiň bar ýerinde, döwletlilik we ynamdarlyk bolýar. Parahatçylyk
ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak biziň milli
ýörelgelerimizden gözbaş alýar.
Täze ýylymyzyň ajaýyp şygary hakynda oýlanyp oturşyňa, gül meňizli körpe nesiller gözöňüme gelýär. Ýurdumyzda
körpe nesil baradaky alada döwlet syýasatynda giň beýan tapýar. Maşgalanyň bagtyýarlygyny subut edýän çaga gülküsi berkarar Watanymyzda bagt mukamy bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan
we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri
üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Parahatlyk,
ynanyşmak, dostluk ýörelgeleriniň çuňňur kökleri bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynda Şükür bagşynyň keşbi
arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly
ýollary gözländigini beýan edilýär. Tutuş
dünýäde hemişelik Bitaraplygy, dost-doganlygy we hoşniýetli gatnaşyklary
berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwerlik syýasaty dowamat-dowam bolsun!
Ogulsona Boppyýewa,
Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn
ýerine ýetiriji.