Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby boýunça usuly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-na Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda, usuly okuw maslahatyna Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly medallar bilen sylaglanan, baýry mugallym,halypa mirasgär Nurnazar Jumanazarow, Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew hem-de şäheriň umumy bilim berýän orta mekdeplerinden 300 sany bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda (müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary, biologiýa we ýaşaýyş durmuş esaslary dersleriniň mugallymlary) Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby boýunça usuly maslahat geçirildi. Usuly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynda beýan edilen gymmatly maglumatlary
(gahrymançylykly taryhymyz, milli maglumatlar) milli mirasymyzy täze öwüşgün bilen düşündirmekligi, türkmençilligiň kökleri, ýörelgeleri, olary ýaş nesliň aňyna guýmak hem-de
olarda milli buýsanjy ösdürmek barada maglumatlary okuw-terbiýeçilik işlerinde
peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň bermek bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar gelen myhmanlaryň beren gyzykly taryhy maglumatlary üçin minnetdarlyk bildirdiler.