NESILLERE NUSGALYK - Oňat görelde-köpe ýörelge.

    Biziň milli ýol-ýörelgelerimiziň has-da pajarlamagyna ýol açylan zamanada
bilim işgärlerine goýulýan sarpa çäksizdir. Geljegimiz bolan ýaş nesillere
edilýän alada bimöçberdir. Elbetde, miras, milli ýörelge biziň geçmişimiziň şu
günümize, geljegimize ýol açýan dür hazynadyr. Ata-babalarymyzdan şu güne gelip
ýeten her bir mirasymyzyň kökleriniň gadymydygyna göz ýetirmek bolýar. 2024-nji
ýyly Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde
bellenip geçilýän ýylynda şahyry hormatlap geçirilýän  dabaralar bir-biri bilen sepleşýär.



   “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly
diýilmegi türkmen halkynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döretdi. Magtymguly
Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň şahyrana
döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary
halkyň kalbynda ebedi ýaňlanýar. Türkmen ýaşlaryna her bir setiri ýolgörkeziji
şamçyragdyr. Edep-terbiýäniň özenini jemleýän setirleri bu gün her bir ýaş
nesilleriň dogaýy sözüne öwrüldi. Her bir bagşy-sazandalarymyzyň Magtymguly
Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlarynyň ýaňlanyp durmagy hem ýaşlarymyza hem
öz täsirini ýetirýär.



   Beýik şahyry hormatlap paýtagtymyzyň gujagynda
ýerleşdirilen Köpetdagyň eteginde halkyň bagtyýarlyk döwrüniň bakyp duran
heýkeli her bir türkmen ýaşlarynyň ýüreginde uly buýsanç döretdi. Halkymyzyň
ägirdi bolup halkyna şan-şöhrat getiren Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň
daş-töwereginde dünýä edebiýatynyň nusgalaryny jemläp durmagy, halkymyzyň
dost-doganlygyndan, şygryýet ussatlygyndan söz açyp duran gaýtalanmajak pursat
diýesiň gelýär. Bu nesillere nusgalyk bolup duran her bir edebiýat ägirdiniň
keşbi olary dost-doganlyga, döredijilik älemine iterýär. Mekdep okuwçylarynyň jemleýji döwlet synaglarynda ýazan
işlerinde hem Magtymguly Pyragynyň setirlerine salgylanmagy, şahyry hormatlap
ýazan işlerine buýsanç duýgusy has-da artdy. Olaryň geljekde ýurdumyza,
Watanymyza wepaly ýaşlar boljakdygyna ynamymyzyň bardygyny belläsimiz gelýär.



   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralar
gyzgalaňly geçirildi. Ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýmakda köp
işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň ösmegi üçin giň şertler döredilen
zamanada, dünýä derejesine laýyk gelýän muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet
öýleriň binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen halkynyň taryhy
tapyndylaryny ylmy taýdan öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap
saklamak, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy medeni mirasyna
hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň mukaddes borjy bolup
durýar. Milli gymmatlyklar ata-babalarymyza bolan hormaty, geljege bolan ynamy
baglaýan mäkäm köprüdir. Gözbaşyny gadymy müňýyllyklardan alyp gaýdýan Merw,
Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý, Köneürgenç medeniýeti özünde dürler
hasynasyny saklap oturan hazynadyr. Taryha çuňňur göz ýetirmek şu günüň ruhy
dünýäsini açyp görmekdir. Medeni ojaklary öwrenmek, olar barada maglumat
toplamak öwezini başga zat bilen dolup bolmaýan gymmatlykdyr. Umuman, ýurdumyzda
medeniýet işgärlerine uly hormat goýulýar. Olara hormat bilen dakylýan atlar,
medeniýetimize mynasyp goşant goşanlaryň atlaryny ebedileşdirmek, daşary
ýurtlara sapara gidilende medeniýet işgärleriň ilkinji hatarda bolmagy
ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärlerine goýulýan hormatdyr.



   Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň
300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi türkmen halkynyň ýüreginde
buýsanç duýgusyny döretdi.



   Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny
arzuw edýäris.


Laçyn
Sapargeldiýewa, 
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň müdiri.  
“Türkmeniň ýüpek ýoly “ gazeti. 2024-nji ýylyň
29-njy iýuny.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148.
Ashgabat c., Hero of Turkmenistan Atamurat Niyazov Avenue, 148
г. Ашхабад, проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 148.

Telefon belgiler:
(12) 39-35-01