Kitabyň gudraty
Magtymguly Pyragy
türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň
belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige,
ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbyndan orun
aldy. Ençeme ýyllardan bäri akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar we dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu
günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan
edildi. Bu ylmy garaýyşlarda şahyryň baý
edebi mirasynyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti
aýratyn bellenilýär.
...Ýadyma düşýär,
men 8-9 ýaşlarymda wagtym enem her gün agşam Magtymguly Pyragynyň goşgular
kitabyny okap bermegimi haýyş ederdi. Şol wagtlar beýik şahyryň kitabyny okasam-da,
goşgularyň manysyna düşünemokdym. Çünki men kitaby enem üçin okap berýärdim.
Enem şahyryň goşgularyny diňläninde kellesini ýaýkap, her bir setirini tassyklar oturardy hem-de gözüni çygjardyp
begenerdi. Men bu ýagdaýa her gezek geň galýardym: “Magtymguly Pyragynyň goşgulary adama nädip beýle derejede täsir edýärkä ?” diýip,
öz ýanymdan pikir ýüwürdýärdim. Şondan soň
şahyryň goşgularynyň many- mazmunyna düşünjek bolup, köp okap başladym. Kitaby
nirä gitsem ýanymdan goýmadym. Soň-soňlar şahyryň goşgulary meni şeýle bir
özüne çekdi welin, çagalygym, ýetginjekligim, kämilligim şu kitap bilen
geçdi...
Mekdep ýyllarynda türkmen
dili we edebiýaty dersinden geçirilýän bäsleşiklerde hödürlenýän düzmäniň
temalaryndan hökmany Magtymguly Pyragy hakynda temany saýlardym we öňdäki
orunlara mynasyp bolardym.
Ýyllar
geçdi . Orta mekdebi tamamlanymdan soň,
meni çagalykdan özüne bendi eden edebiýaty özüme hünär saýlamagy maksat
edindim. Şeýdip Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa synanyşmak üçin resminamalarymy
tabşyrdym. Synaglaryň wagty golaýlaýardy, men bolsa gaýta-gaýta Magtymguly
atamyzyň goşgular kitabyny okardym...
Ençeme ýyl durnalar
toýnuk gurap geçdi, ençeme gyşlar sowlup, ençeme gezek bahar güllere beslendi.
Men ol kitabyň manysyna indi has gowy
düşünýärin.
Beýik akyldaryň kitaby maňa köp zatlary öwretdi,
durmuşa düşünmäge ýol görkezdi. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz
ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar
döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli
şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr.
Laçyn Sapargeldiýewa
Aşgabat şäherindäki
35-nji orta mekdebiň müdiri