Söz mülkiniň şasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmeniň beýik
şahsyýetlerine we olaryň döredijiligine örän uly sarpa goýulýar. Türkmeniň
akyldar şahyry Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran
şahsyýetleriň biridir. Şahyryň döredijilik mirasy diňe bir türkmen eebiýatynyň
däl, eýsem, bütindünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna pugta ornaşdy. Akyldaryň edebi mirasynyň ýokary ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen tebigy baglanyşyp gidýändigidir. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir. Käbir mysallara ýüzleneliň.
Gel,köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
Bu setirlerde Pyragy Watanyň mukaddesligini, onda ýaşamagyň, Watan bilen galmagyň
bagtdygyny ündeýär.Şeýle hem şahyr “Ýar gerekdir” atly goşgusynda:
Goç ýigitler il üstünde,
Namys bilen ar gerekdir - diýip, il –halka söýgini, Watanyň, halkyň bähbidi ugrunda
göreşmegi ündeýär.Ata Watany goramagyň mukaddesligini nygtaýar. Şahyr jomart,
sahy, myhmansöýer, supra ýaýyp, il-güne hyzmat edýän ýigitleri wasp edýär. Şeýle hem onuň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki
şahyr ylym öwrenmegiň, kitap okamagyň ähmiýeti hakynda çuňňur beýan etmek bilen
bir hatarda ýaşlara pent-nesihat edýär:
Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.
Şu setirlerden görnüşi ýaly, alymlaryň ýanynda bolmagyň, olaryň nesihatyny diňlemegiň möhümdigi bellenilýär. Şahyryň:
Janym biziň, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň
diýip, başlaýan goşgy setirlerinde hem eziz Watanymyzyň tebigaty, onuň gözelligi wasp edilýär. Goşgynyň many-mazmuny diňe bir tebigat
bilen baglanyşykly däl, eýsem onda küren iller, kerwen ýollary, umuman, gözel
ýerleriň ilaty hakynda beýan edilýär. Umuman, bu
gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, şu
ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-nji
mejlisinde beýik türkmen şahyry
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakynda”
atly halkara sanawyna goşuldy. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede,
giňden belleniljekdigi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň
mysaly bolar. “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän
türkmen akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň
belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň
şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy Magtymgulynyň döredijiliginiň
türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezýär.
Laçyn Sapargeldiýewa,
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň müdiri.