MINNETDAR SAŇA MEKDEP

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny
döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle
hem «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»
 kesgitlenen
wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu
maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy
innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary,
saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň
belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ine, bu gün hem 1-nji sentýabr. Bu gün ähli bilim ojaklary tämiz
kalplary hemişe bilime teşne çagajyklara, ýaşlara gapylaryny giňden açýar. Ir
säher bilen bilim ojaklarynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň buşlukçysy bolup
ýaňlanjak ilkinji jaň sesleri mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň
kalbyna joşgun berip, ýüzlerine şatlyk nuruny çaýar.

Biziň hem zähmet çekýän Aşgabat şäheriniň 1-nji orta mekdebimizde ilkinji
jaň dabarasy uly şatlyk, şowhun bilen giňden bellenip geçdi. Bu dabarada mekdebiň
bosagasyndan ilkinji gezek gadam basan 1-nji synp okuwçylarymyz öz öwrenen
goşgudyr, aýdymlary bilen çykyş edip, dabaranyň hasam şowhunyna şowhun goşdy.
1-nji synpa gelen çagajyklarymyza Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Serdarymyzyň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen, dünýä üleňlerine laýyk gelýän
“Bilimli” kompýuterleri gowşyrylyş dabarasy geçirildi. Şol pursatda
çagajyklaryň ýüzlerinde şatlyk hem buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Olar
şular ýaly erkin, asuda, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň
saýasynda ösüp, bilim alýandyklaryna buýsanyp, alkyş aýdýarlar. Bu dabara
olaryň ýatlaryndan hiç haçan çykmajak gün boldy. Bu günki dabara 1-nji orta
mekdebiň agzybir işgärleriniňem ýadyndan hiç-haçan çykmaz!







Milli
Liderimiziň belläp geçişi ýaly «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy
taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli
ýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek
üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin 1-nji orta mekdepde okaýan bagtyýar nesillerimiziň,
halypa we ýaş mugallymlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp
dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklarynyň çägi ýokdur.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148.
Ashgabat c., Hero of Turkmenistan Atamurat Niyazov Avenue, 148
г. Ашхабад, проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 148.

Telefon belgiler:
(12) 39-35-01