YLYM-BILIM — ÝAGTY GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY

Gadymy döwrüň akyldarlarynyň biri: «Eger siziň maksadyňyz bakylyk bolsa ýaşlara bilim beriň» diýipdir. Ylym-bilim — uly baýlyk, gymmaty egsilmeýän hazyna. Çünki ylym-bilim her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň durmuşynda ýüze çykýan meseleleri aňly-düşünjeli çözgüdini tapmaga, uly ösüşlere ýol açmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny düýpli ösdürip, ählitaraplaýyn kämil ýaşlary kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaly möhüm resminamalar döwletimiziň innowasion ösüşine mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanunçylyk binýadyny berkidýär.
Bilim we ylym ulgamy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşine täsir edýän iň esasy şertleriň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden kalplary ylhama beslenýän ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary hem yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işiniň döwrebaplaşdyrylmagy milli maksatnamalaryň we konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda işlenip taýýarlanylan çuňňur oýlanyşykly bilim syýasaty, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler ajaýyp miwelerini berýär. Iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy, türkmen ýaşlarynyň sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Zehinli we erjel ýaşlarymyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri berkarar döwletimiziň üstünlikleridir.
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary halkara internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler. 2022-2023-nji okuw ýylynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri hem milli bilim ulgamynyň okgunly ösüş ýoluna düşendigini subut edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlar Kipr Respublikasynda geçirilen IV Balkan fizika olimpiadasynda, Şweýsariýa Konfederasiýasynda guralan halkara robototehnika bäsleşiginde ýeňiji bolmagy başardylar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da paýtagtymyzyň mekdeplerinde bilim alýan okuwçylara uly üstünlikler hemra boldy. Ýanwar aýynda okuwçylarymyz sanly ulgam arkaly dürli dersler boýunça halkara internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 10 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Bu üstünlikler «World Mathematics Team Championship 2022» (ABŞ), «World Young Biologists Olympiad» (Indoneziýa), «13th World Mathematics Team Championship 2022» (Hytaý Halk Respublikasy), «Anglius» (Russiýa Federasiýasy), «The International Youth Math Challenge» ýaly abraýly halkara bäsleşiklerde gazanyldy. Fewral aýynda zehinli ýaşlarymyz Gazagystan Respublikasynda matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XIX halkara Žautykow bäsleşigine, biologiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça Singapurda guralan «Stemco» olimpiadasyna onlaýn görnüşde gatnaşyp, 37 medal gazanmagy başardylar. Onlaýn görnüşinde geçirilen «Future Intelligence Students Olympiad» (FISO) halkara ders bäsleşiginde türkmenistanly okuwçylaryň 335-si, şol sanda Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň 77-si dürli ugurlar boýunça baýrakly orunlary eýelemegiň hötdesinden geldi. Mart aýynda bolsa paýtagtly okuwçylar halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde 3 altyn, 4 kümüş, 5 bürünç medala mynasyp boldular.
Aprel aýy paýtagtymyzdaky orta mekdepleriň okuwçylary üçin aýratyn düşümli aýlaryň biri boldy. Bu aýda zehinli ýaşlarymyz halkara ders bäsleşiklerinde 90-dan gowrak baýrakly orunlary eýelediler. Şol sanda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde onlaýn görnüşde geçirilen «UNIPO — 2023» halkara taslama bäsleşiginde, Russiýa Federasiýasynda, Indoneziýada guralan halkara internet olimpiadalarynda üstünlik gazandylar. Maý we iýun aýlarynda Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 30-dan gowragyna mynasyp boldular. Rumyniýada, Litwada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Özbegistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda guralan abraýly ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşan türkmenistanly ýaşlar özleriniň tebigy we takyk ylymlar boýunça barha kämilleşýändiklerini, dünýä derejesindäki ylmy taslamalary işläp taýýarlamaga ukyplydyklaryny subut etdiler. Iýul aýynda paýtagtly okuwçylar Albaniýada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýada geçirilen halkara taslama we ders bäsleşiklerinde ýeňiji boldular.
Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde şeýle ynamly çykyş etmekleri hem-de köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan ösen, giň gözýetimli, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleriniň ajaýyp netijeleridir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi çäreleriň tutuş toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Asylly däbe görä, her ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman bilim ojaklary, şol sanda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta mekdepler açylyp, ulanylmaga berilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzda umumybilim berýän döwrebap orta mekdepleriň 7-sini gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Eziz Diýarymyzda häzirki zaman tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary kemala getirmek wezipesine düýpli çemeleşilýär. Her okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp mekdep okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgadyň — programma üpjünçilikli kompýuterleriň gowşurylmagy bagtyýar zamanamyzyň asylly däbine öwrülip, munuň özi bilim dünýäsine ilkinji gadamlaryň döwrebap mümkinçiliklerden başlanmagy hakyndaky aladanyň nyşanydyr.
Bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri we yzygiderli kämilleşmekleri üçin hem toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda mugallymlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, olar iň täze bilim usulyýetlerini hem-de maglumat tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeler tebigy we takyk dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde çuňlaşdyrylyp okadylýan daşary ýurt dilleriniň sanawy giňeldilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýatlarda iňlis, fransuz, nemes, ýapon, koreý dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmegiň, ýaş nesliň ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, mekdepleriň okuw kitaplary bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýmek bilen, ýaş nesle uly ynam bildirýär.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde, şol sanda berkarar Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda iňňän wajyp orny eýeleýän şertleriň biridir. Milletimiziň aň-paýhas kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň üpjin edilmegi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň baş maksadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzy milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrýan işleri Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýadyny has-da berkidip, halkymyzyň ýagty geljegine uzaýan ýola şugla saçýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148.
Ashgabat c., Hero of Turkmenistan Atamurat Niyazov Avenue, 148
г. Ашхабад, проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 148.

Telefon belgiler:
(12) 39-35-01