Halkara ders bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-11-nji synp (12 ýyllyk okuw meýilnamasy boýunça 11-12-nji synp) okuwçylary üçin XIV Halkara Açyk ders bäsleşigi geçirilýär. Oňa Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň ýokary synp okuwçylary gatnaşyp biler.
Bäsleşik daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin uzak aralykdan «Intellektual orbita» ugry boýunça geçiriler. Bäsleşigi Moskwanyň Tehnologiýa uniwersiteti guraýar. Ol aşaky dersler boýunça geçiriler:
- 2022-nji ýylyň 6-njy fewraly: informatika, matematika, fizika (bir tapgyrda, uzakdan gatnaşmak);
- 2022-nji ýylyň 3-nji apreli: rus dili, jemgyýetçilik okuwlary, iňlis dili (bir tapgyrda, uzakdan gatnaşmak);
Bäsleşikler rus dilinde geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine ýeňijilerine diplomlar we gymmatly baýraklar berilýär. Şeýle hem olara aýratyn üstünlikler boýunça beriljek utuklar Tehnologiýa uniwersitetine girmäge artykmaçlyk berer.
Bäsleşikler barada doly maglumaty guramaçynyň resmi saýtyndan alyp bolar. Gatnaşmak üçiin töleg alynmaýar.